ТУРКМЕНСКАЯ ГОСУДАРСТВЕННАЯ ИЗДАТЕЛЬСКАЯ СЛУЖБА

Модернизация материально-технической базы Вооружённых Сил – забота о мирной жизни народа

15-nji awgustda Hazaryň kenarynda Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Bu şanly waka Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen şöhratlanýan Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulandyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Serhetçileriň höwesjeň toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, harby orkestriň çykyşy hem-de eziz Watanymyza bolan söýgini wasp edýän sahna eserleri dabaranyň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Ýerine ýetirilen kompozisiýalarda ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary öz beýanyny tapdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralary iň täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk etmegi hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, Watan goragçylarynyň hünär kämilligini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär.
Täze toplum bilen tanyşlyk dolandyryş binasynyň tehniki taýdan üpjünçiligini, şol sanda häzirki zaman enjamlaryny synlamakdan başlandy. Ol ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýär. Täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň, elektron kartanyň kömegi bilen Hazar deňzindäki ýolagçy we harby gämileriň hereketlerini synlamak, olaryň ýangyç we suw üpjünçiligini kesgitlemek bolýar.
Dolandyryş bölüminde alnan maglumatlar toplanylýar, işlenilýär hem-de harby gullukçylaryň ygtyýaryndaky tehniki serişdeleriň kömegi bilen bellenen ýerlere çaltlyk bilen iberilýär.
Harby gullukçylaryň syýasy-ynsanperwer, beden, taktiki we söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem olary watançylyk ruhunda terbiýelemek döwlet serhediniň mizemezligini, eldegrilmesizligini üpjün etmek işinde esasy talaplaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda zerur bolan işleriň guralmagyna aýratyn üns berýär.
Şundan ugur alnyp, toplumyň çäginde okuw binasy göz öňünde tutulypdyr. Bu bina hem iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Sanly ulgamyň we okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň ulanylmagy harby gullukçylara döwrebap bilimleri, harby gämileridir ugurdaş tehnikalary dolandyrmak başarnygyny ele almaga, deňiz giňişligine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Soňra dabara gatnaşyjylar toplumyň çäginde ýerleşýän gämi duralgasyna tarap ugradylar. Zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen bu duralga gämileriň hem-de katerleriň howpsuz gelip durmagy üçin bildirilýän talaplara we kadalara laýyk gelýär.
Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet senasynyň owazynyň astynda Döwlet baýdagy belende galdyrylýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna doly laýyk gelýän we diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Watanymyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Milli goşunymyzyň beýleki kysymlary bilen bir hatarda, iň täze tehnikalar we enjamlar, dürli görnüşli gämiler bilen üpjün edilmeginiň hasabyna, şeýle hem öz gämilerimizi gurmak arkaly ýurdumyzyň Harby-Deňiz Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar.
Dabaranyň barşynda ýygnananlar deňiz serhetçileriniň ygtyýarynda bar bolan ýokary tizlikli gäminiň tehniki görkezijileri we aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Dürli görnüşli döwrebap katerleriň we gämileriň kömegi bilen deňizçiler mukaddes borçlaryny birkemsiz berjaý edip, Türkmenistanyň deňiz serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün edýärler.
Mälim bolşy ýaly, Hazar deňzi hemişe ylalaşyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň deňzi bolmalydyr diýip nygtaýan hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň günbatar sebitinde kuwwatly Harby-Deňiz Güýçleriniň kemala gelmegi üçin toplumlaýyn binýat goýuldy.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Harby-Deňiz Güýçlerini mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmek, harby deňizçileriň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Toplumyň çäginde zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen 200 orunlyk ýatakhananyň binasy ýerleşýär. Bu ýerde deňizçi serhetçileriň göwnejaý dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir, okuw otaglary hem-de beýleki durmuş maksatly otaglar göz öňünde tutulypdyr. Şunuň bilen birlikde, “Galkynyş” otagy, baý gaznasy bolan döwrebap kitaphana hem harby gullukçylaryň ygtyýaryndadyr. Bu bolsa deňizçi serhetçileriň medeniýetli dynç almaklaryna hem-de özlerini gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp, bilimlerini artdyrmaklaryna ýardam edýär. Umuman, täze binalar toplumynda serhetçileriň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, edebiýat, çeper döredijilik bilen gyzyklanmaklary üçin zerur bolan mümkinçilikler üpjün edilipdir.
Mälim bolşy ýaly, Ýaragly Güýçleriň üstüne jogapkärli wezipe — ýurdumyzyň harby howpsuzlygyny we çäk bitewüligini üpjün etmek wezipesi ýüklenendir. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinada kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda Milli goşunymyzyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de harby okuw-türgenleşikleriniň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa Watan goragçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem harby gullukçylaryň beden we söweşjeň taýýarlygyna, olaryň ussatlygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyzda ynsan saglygy iň ýokary baýlyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek üçin örän oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketine çekmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy, şol sanda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin has oňaýly şertleriň döredilmegi amala aşyrylýan harby özgertmeleriň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir.
Täze toplumyň çäginde üsti açyk we ýapyk sport meýdançalary döredildi. Şol meýdançalaryň birinde guralan görkezme çykyşlaryň barşynda şahsy düzüm beden taýýarlygyň ýokary derejesini hem-de sport ussatlygyny görkezdi.
Täze desgalaryň hatarynda halkara standartlara laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümi hem bar. Bu ýerde lukmanlar tarapyndan serhetçilere we olaryň maşgala agzalaryna ýokary hilli hyzmatlaryň edilmegi üçin ähli şertler döredildi.
Mundan başga-da, toplumyň çäginde giň we ýagty naharhana, aşhana hem-de çörek bişirilýän ýer bar. Olar döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde şeýle hem durmuş maksatly otaglar, azyk önümlerini talabalaýyk saklamak üçin ammarlar göz öňünde tutuldy.
Durmuş häsiýetli, şol sanda harby gullukçylary döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Çünki Ýaragly Güýçleriň şahsy düzümi Watanymyzyň guryýer, deňiz we howa serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün edýär. Halkymyz asylly wezipäni ýerine ýetirýän harby gullukçylara aýratyn hormat-sarpa goýýar. Toplumyň çäginde serkerdeler we olaryň maşgalalarynyň agzalary üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy döwletimiziň Watan goragçylary barada edýän hemmetaraplaýyn aladasynyň aýdyň netijesidir.
Desgalaryň hatarynda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 48 öýli, üç gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi bar. Olarda Watan goragçylarynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin zerur şertler göz öňünde tutuldy.
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi birkemsiz abadanlaşdyrylypdyr. Bu ýerde dürli gülleriň hem-de saýaly baglaryň ekilmegi ekologiýa abadançylygyny saklamaga ýardam edýär.
Şeýle hem toplumda körpe nesliň dynç almagy, sagdyn hem-de erkana ösmegi üçin niýetlenen oýun meýdançasy ýerleşýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy ugrunda edilýän aladalaryň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendiginiň aýdyň beýanydyr.
Täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatynda edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, alkyş sözlerini aýdýarlar.
Dabaraly çäräniň çäklerinde Döwlet serhet gullugynyň täze desgalar we binalar toplumyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan awtoulag serişdeleri gowşuryldy.
Umuman, şu dabaraly waka Harby doktrinanyň wezipeleriniň, şol sanda Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.