ТУРКМЕНСКАЯ ГОСУДАРСТВЕННАЯ ИЗДАТЕЛЬСКАЯ СЛУЖБА

Обращение участников церемонии подведения итогов мероприятий по случаю провозглашения города Анау культурной столицей тюркского мира в 2024 году к Президенту независимого нейтрального Туркменистана Сердару Бердымухамедову

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylykly geçirilmegi babatda döreden ähli şertleriňiz üçin Size tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, döwletli işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Siziň bimöçber goldaw-hemaýatlaryňyz netijesinde türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny giňden öwrenmek, medeniýeti we sungaty ösdürmek ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurdaky giň gerimli tutumlar ýurduň döredijilik kuwwatyny ýokarlandyrýar, raýatlary belent maksatly işlere ruhlandyrýar.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreler hem TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary has-da berkitdi. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Munuň özi Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, pähim-paýhasly eserlerini giňden wagyz etmekde, akyldar şahyryň doglan gününiň şanly 300 ýyllygyny dabaralandyrmakda, Änew şäheriniň şöhratly taryhyny, türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejede guralan çärelere TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlary, ýazyjy-şahyrlary, teatr, kino işgärleri, suratkeşleri, aýdymçy-sazandalary, döredijilik toparlary işjeň gatnaşdylar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda türki halklaryň aýdymçylarynyň konserti, türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş sungatynyň, amaly-haşam sungatynyň, fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahaty, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, onuň çäklerinde Muzeýler birleşiginiň agzalarynyň jemleýji maslahaty, ýazyjylaryň duşuşygy, suratkeşleriň forumy, «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly üstünlikli geçirildi.

Medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň we alymlaryň gatnaşmaklarynda Milli «Ak bugdaý» muzeýine, Änew galasyna, Seýit Jemaleddin ýadygärligine we beýleki medeni ojaklara gezelençler guraldy, döredijilik duşuşyklary, maslahatlar geçirildi. Bularyň ählisi biziň üçin hiç haçan ýatdan çykmajak täsirli wakalara öwrüldi.

Häzirki döwürde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň arasynda hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär, dostlukly ýurtlarda geçirilýän halkara çärelere medeniýet we sungat işgärleri işjeň gatnaşýarlar, özara tejribe alyşýarlar. Munuň özi türki dünýäde kemala gelen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň binýadyny has-da berkidýär. Türkmenistanda bolan günlerimizde biz türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň ajaýyp wakalara, şanly toýlara beslenýändigine, türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň barha rowaçlanýandygyna aýdyň göz ýetirdik. Myhmansöýer türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, medeni-ruhy gymmatlyklary, dost-doganlyk ýörelgeleri biziň kalbymyzda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda soňky ýyllarda ýetilen belent sepgitler, üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli işler bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilikler, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine beren uly goldawlaryňyz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende götermek, türkmen halkynyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwletli işleriňizde Size uly rowaçlyklar hemra bolsun! Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň elmydama belent bolmagyny arzuw edýäris!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyna gatnaşyjylar.