ТУРКМЕНСКАЯ ГОСУДАРСТВЕННАЯ ИЗДАТЕЛЬСКАЯ СЛУЖБА

About the Book

Türkmenistanyň ýazuw ýadygärlikleri we kitap medeniýeti (Yslamdan öňki döwür)
Release date: 2023
Author: Almaz Ýazberdiýew
Category: Çeper eserler
Price: 3,0 TMM
Sold: 62

Kitapda Türkmenistanyň çäklerinde gazuw-agtaryş işleri geçirilen döwürlerde ele salnan ýazuw ýadygärlikleriniň üstüniň açylyşy, öwrenilişi we ylmy dolanyşyga girizilişi yzarlanylýar. Ahemeni eýýamynda mukaddes «Awesta» kitabynyň ýazuwa geçirilişi, onuň bize gelip ýeten bölekleriniň we Parfiýa hem-de Sasany döwürlerinde Türkmenistan bilen bagly kitaplaryň taryhy beýan edilýär. Kitabyň soňunda «Goşmaça» hokmünde Ahemeni, Parfiýa hem-de Sasany eýýamlaryna degişli iňlis hem-de rus dillerindäki kitaplardan türkmen diline edilen terjimeler ýerleşdirildi. Olar heniz türkmen okyjylaryna mälim bolmadyk gadymy hem gymmatly çeşmelerdir. Kitapdan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mugallymlar, ylmy işgärler, Türkmenistanyň edebi mirasy bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi peýdalanyp bilerler.


Читать