ТУРКМЕНСКАЯ ГОСУДАРСТВЕННАЯ ИЗДАТЕЛЬСКАЯ СЛУЖБА



About the Book
Amangulyýewa G. Türkmeniň hikmet eýesi – Hoja Ahmet Ýasawy
Orta asyr oguz halk edebiýatynyň beýik sütüni “Medinede Muhammet – Türküstanda Hoja Ahmet” diýlip sarpalanýan türkmeniň hikmet eýesi, şamçyragy, Hoja Ahmet Ýasawynyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk, päklik, dogruçyllyk ýaly umumadamzat ahlagynyň gözelligini beýan edýän hikmetleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen topragynyň ýaş nesillerine ruhy terbiýe bermekde uly mekdepdir. Kitapda Hoja Ahmet Ýasawynyň rowaýatlaşan durmuş hakykatlary, taryhy şahsyýeti, oguz-türkmen edebiýatyna goşan goşandy we dür dänesi kimin gymmatly hikmetleri golýazma çeşmeleri esasynda yzarlanýar. Hoja Ahmet Ýasawy orta asyr türkmen edebiýatynyň ösmeginde, oňa oguz däplerini ornaşdyrmakda, arassa oguz-türkmen dilinde eserler ýazmak bilen oňyn täsirini ýetiren, oguz-sopuçylyk edebiýatynyň düýbüni tutan şahsdyr. Monografiýada “Til bilen Watan – jan bilen beden”, “Ylym öwrenmek her bir musulman erkek we aýal üçin parzdyr” diýen çuň pelsepewi garaýyşlardan ugur alyp, öz döwründe türkmen ruhy bilen eser döreden bu beýik şahyryň türkmen milliligini, edebiýatyny, dilini gorap saklamak, ösdürmek, Watany, halkyňy jandan söýmek, ony ýaşatmak, ynsanlary din-imanly, arly-namysly, paýhas-düşünjeli, sözüne we milletine ygrarly edip ýetişdirmek, türkmeniň dowamat dowam ýaşamagy üçin, nesilleri ylymly-bilimli etmek ýaly ynsanperwer ýörelgeler yzarlanylýar.