ТУРКМЕНСКАЯ ГОСУДАРСТВЕННАЯ ИЗДАТЕЛЬСКАЯ СЛУЖБА
About the Book
Halallyk kyssalary
Taryhda dünýä halklaryny we yklymlary biri-birine jebis baglanyşdyryp gelen Beýik Ýüpek ýoly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda has kämil we döwrebap röwüşde täzeden dikeldilýär. Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda bu hakykata has-da aýdyň göz ýetirip bolýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň we halklaryň medeniýeti, sungaty, edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmaga hem giň mümkinçilik döredilýär. Gadymy döwürlerde ylmy we edebi eserleri bilen dünýä taryhynda uly abraýa eýe bolmagy başaran arap edebiýaty häzirki döwürde hem ajaýyp eserleri, peýdaly pikirleri bilen okyjylaryň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Nesil terbiýesine, şahsyýet kämilligine dahylly dürli pikirleri öňe sürýän bu eserler terbiýeçilik nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir.