
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Bismillähir-Rahmanir-Rahim
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Sizi ýurdumyzyň dindarlarynyň adyndan müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de ahlak we ruhy päkligi dabaralandyrýan Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Hormatly Gahryman Prezidentimiz!
Oraza baýramynyň mazmunynda we dessurlarynda Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň baý durmuş tejribesi esasynda kämilleşdirip hem-de mynasyp dowam etdirip gelinýän ynsanperwer ýörelgeleri jemlenendir. Mübärek Remezan aýy ruhy täzelenişiň, haýyr-yhsanyň, ýagşylygyň dabaralanýan aýy hökmünde ykrar edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Oraza baýramy jemgyýetimiziň jebisliginiň hem-de agzybirliginiň, bu günki nesilleriň ata-babalarymyzdan dowamat-dowam bolup gelýän ýokary ruhy gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň özboluşly nyşanyna öwrülýär.
Hormatly Arkadagly hajy Serdarymyz!
Her bir güni uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, hormatly Prezidentimiz, Siziň mukaddes Oraza baýramyny döwlet derejesinde bellemek baradaky mübärek Permanyňyz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman hajy Arkadagymyzyň pederlerimiziň mukaddes ýoluny dabaralandyrýan başlangyçlary esasynda ýurdumyzda Oraza baýramy agzybirlikde bellenilýär. Asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen mukaddes ýörelgelerimiziň has-da dabaralandyrylýan sahawatly Oraza aýynda hem-de Gadyr gijesinde Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň kelamy bolan mukaddes Gurhany Kerime togap edilip, dini adatlar berjaý edildi, agzaçar sadakalary berlip, tarawa namazlarynda il-ýurduň asudalygy, Watanymyzyň abadançylygy, rowaçlygy üçin aýat-töwirler okaldy. Aýlaryň iň ýagşysy hasaplanýan mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde Gahryman hajy Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Änew şäherinde Seýit Jemaleddiniň adyny göterýän metjit, şeýle hem Gadyr gijesi mynasybetli Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde «Hazar» metjidi, Ruhubelent etrabynyň Ruhubelent şäherçesinde «Ruhubelent» metjidi, Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde «Jeýhun» metjidi, Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçesinde «Merw» metjidi açylyp, olarda agzaçar sadakalary berildi.
Külli musulman dünýäsi üçin mukaddes bolan bu keremli aýda Aşgabat şäherindäki Hezreti Omar metjidinde, Ahal welaýatyndaky Gökdepe metjidinde, Mary welaýatyndaky Gurbanguly hajy metjidinde hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň baş metjitlerinde ybadatlar jemagat bolup berjaý edildi, Siziň Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine, dünýäde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň dabaralanmagy, döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy üçin doga-dilegler edildi. Siziň Permanyňyz esasynda iş kesilenleriň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsi geçilip, jemgyýetimiziň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligi has-da pugtalandyryldy.
Hormatly Gahryman Prezidentimiz!
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda aýlaryň iň ýagşysy hasaplanýan mübärek Oraza aýynda Garaşsyz Watanymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň, beýik maksatlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň hatyrasyna doga-dilegler edildi. Öten-geçenlerimizi ýagşylykda ýatlamak, hatyra dessurlaryny berjaý etmek ýaly nesilleri birleşdirýän asylly ýörelgelerimize laýyklykda, aýat-töwirler okaldy, doga-dilegler edildi, agzaçar sadakalary berildi, Gurhany Kerim hatym edildi. Munuň özi «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty şygar edinen, hormatly Arkadagly hajy Serdarymyz, Siziň baştutanlygyňyzda jemgyýetimizi has-da jebisleşdirýän hem-de beýik işlere ruhlandyrýan ynsanperwer ýörelgeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýandygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljeginiň röwşendigini aýdyňlygy bilen subut edip, täze üstünliklere, belent sepgitlere ýetmäge güýç-kuwwat berýär.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Sizi ýurdumyzyň dindarlarynyň adyndan mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ösüşleriň we özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün, at-abraýy dünýä dolsun!
Oraza aýynda amal edilen tagat-ybadatlar, berlen agzaçar sadakalary, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň, mähriban halkymyzyň, külli adamzadyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna okalan doga-dilegler Gudraty Güýçli Allatagalanyň keremli dergähinde kabul bolsun! Hormatly Arkadagly hajy Serdarymyz, Sizi Beýik Allatagala öz penasynda aman saklap, janyňyzy sag, başyňyzy dik, ýurduňyzy abat, mertebäňizi belent, ömrüňizi uzak etsin! Sizi görner-görünmez howp-hatarlardan gorap, il-ýurt bähbitli işleriňizi hemişe rowaç eýlesin, ähli tutumly işleriňizi durmuşa geçirmäge egsilmejek güýç-kuwwat bersin!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň dindarlarynyň adyndan,
Türkmenistanyň müftüsi Ý.HOJAGULYÝEW.