
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Oraza baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar.
Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hatlarynda ähli musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan bu baýramyň kalp arassalygyny, rehimdarlygy we adamzadyň ruhy kämillige tarap meýillerini alamatlandyrýandygyny belleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten Oraza baýramy milli bitewüligimizi, jebisligimizi, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar. Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu nurana baýram bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimize Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Oraza baýramy mynasybetli döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny ýolladylar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutlaglaryny iberdiler.
(TDH)