
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — aprel aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyzyň durmuşynda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — aprel aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda türgenlerimiziň üstünlikli çykyş edip, gazanan ýeňişleri, şeýle-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Sizi tüýs ýürekden, mähirli gutlaýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy ugrunda öňe sürýän başlangyçlaryňyzyň, ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet ähmiýetli işleriňiziň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen sport hyzmatdaşlygyny alyp barýan ýurdumyz sport arkaly halklary parahatçylyga, agzybirlige, ösüşe çagyrýar. Türkmenistanda häzirki wagtda sportuň dürli görnüşleri uly üstünliklere eýe bolup, sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar. Siziň: «Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sportsöýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr» diýen ruhlandyryjy sözleriňiz türgenlerimizi täze sport ýeňişlerine höweslendirýär.
Milli Liderimiziň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlar dünýäniň abraýly sport düzümleriniň giň goldawyna eýe bolýar. Halkara sport federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelmekleri bu ugurdaky hyzmatdaşlykda täze sahypalary açýar. Siziň dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýan ajaýyp syýasatyňyzyň netijesinde ýurdumyz halkara derejeli sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Size Halkara tennis federasiýasynyň güwänamasynyň gowşurylmagy türgenlerimizde özüne ynamy, Watanymyza çäksiz söýgini, sport üstünliklerine hyjuwy, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Size bolan mizemez buýsanjy has-da artdyrdy.
Ýurdumyzda sport boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň bilim derejelerini yzygiderli artdyrmaga, halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen beýik başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Siziň 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak baradaky kabul eden Kararyňyz türgenlerimizi Olimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara ýaryşlara ýokary derejede taýýarlamakda giň mümkinçilikleri açýar.
Hormatly Prezidentimiz!
Halkara ýaryşlarda ýokary üstünlikleri gazanan türgenleriň we tälimçileriň döwlet derejesinde sylaglanylyp, olara hormatly atlaryň dakylmagy, Siziň türkmen ýaşlarynyň durmuşyna, ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzda türkmen sportunyň ösüşlerine aýratyn orun bermegiňiz, ýurdumyzyň 2023 — 2027-nji ýyllar döwri üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy, ýurdumyzda häzirki döwrüň ýaşlarynyň sazlaşykly ösmegine goşant goşýan sportuň innowasion görnüşlerini ornaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler türkmen sportunyň beýik ösüşlerini dünýä äşgär edýär. Siziň Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy, 2025-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada kabul eden çözgütleriňiz, şeýle hem geçen ýylyň noýabrynda Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň üstünliklere beslenip geçirilmegi iri halkara sport ýaryşlaryny guramaga ukyply ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýar.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — aprel aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda türgenlerimiziň üstünlikli çykyş edip, gazanan ýeňişleri, şeýle-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň sport ulgamynyň ähli işgärleriniň, hünärmenleriniň, tälimçileriň hem-de türgenleriň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz hemişe rowaçlyklara beslensin, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — aprel aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar.