TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi üçin döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi ýurdumyzyň ileri tutulýan pudaklary bolan söwda we hyzmat ulgamynyň, dokma senagatynyň, türkmen el halyçylyk sungatynyň, hususy pudagyň ösüşlerini, ýeten sepgitlerini açyp görkezmekde, ähli babatda durnukly ösüşleri gazanýan ata Watanymyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmekde, içerki söwda we hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda türkmen topragynda öçmejek yz galdyran Beýik Ýüpek ýoly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna eýe bolup, dost-doganlyk ýörelgelerine, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga esaslanýan köpugurly halkara gatnaşyklarda öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyzyň söwda ulgamyny has-da kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply dokma, haly önümlerini, hususy önüm öndürijileriň köp görnüşli harytlaryny dünýä bazarlarynda giňden tanatmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Siziň tagallalaryňyz netijesinde häzirki zaman ýokary tehnologiýalaryna esaslanýan önümçilikleriň giň gerimde döredilmegi, olary kompýuter arkaly dolandyrmak ulgamynyň kemala gelmegi, içerki bazaryň haryt üpjünçiliginiň öz önümçiliklerimiziň hasabyna ýokarlanmagy, daşary ýurt bazarlarynyň talaplaryny nazara alyp, onuň geljegi uly ugurlarynyň eksport mümkinçiliklerini peýdalanmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyňyzyň esasynda içerki sarp ediş bazarynda haryt dolanyşygyny artdyrmakda, söwda hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda, Diýarymyzyň eksport kuwwatyny has doly özleşdirmek maksady bilen, döwrebap birža hyzmatlaryny, elektron söwdany peýdalanmakda alnyp barylýan işleriň gerimini açyp görkezmek nobatdaky serginiň özenini düzdi. Ol ýurdumyzyň dokma, haly, söwda we jemgyýetçilik iýmiti ulgamlarynda gazanylan üstünlikleriň, milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ýeten sepgitleriniň, geljekki ösüş ugurlarynyň görkezilýän möhüm ähmiýetli meýdançasyna öwrüldi. Çeper elli gelin-gyzlarymyzyň nepis senediniň köpdürlüligi, dokma senagatynyň dünýäde uly meşhurlyk gazanan harytlary, ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamyndaky ýeten sepgitleri köpöwüşginli diwarlyklarda, çuňňur mazmun bilen bezelen pawilýonlarda giňden beýanyny tapdy.

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

Bu giň möçberli serginiň ýokary derejede geçirilmegine beren ýardamyňyz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, belent başyňyz aman, mertebäňiz belent bolsun! Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bedew batly ösüşlerini üpjün etmek, halkymyzyň abadan, asuda, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwletli tutumlaryňyzyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylar.