TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1-nji derejeli ýurist Şadurdy Hangeldiýewiç Täşliýewi Ahal welaýatynyň prokurory wezipesine;

1-nji derejeli ýurist Orazmyrat Annamyradowiç Gurbanowy Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal prokurory wezipesine bellemeli;

gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Merdan Mahmudowiç Pirbabaýewi Ahal welaýatynyň prokurory wezipesinden;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Mekan Işangulyýewiç Ulugberdiýewi Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal prokurory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 3-nji apreli.