TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyz hem-de bu möhüm çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Sizi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, alyp barýan işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Hormatly Prezidentimiz!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgäňiz esasynda amala aşyrylýan özgertmeleriň özeninde ýurdumyzyň at-abraýynyň ýokarlanmagy, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky asylly maksatlar durýar. Siziň baştutanlygyňyzda döwletimiz tarapyndan ýaş nesilleriň bagtyýarlygy we abadançylygy ugrunda edilýän aladalaryň, çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi, ukyplaryny açmaklary üçin döredilýän şertleriň netijesinde, bagtyýar, zähmetsöýer, Watana wepaly nesil kemala gelýär.

Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleri esasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesil hakyndaky aladanyň aýdyň nusgasy bolup, halkymyzyň ynsanperwer, sahawatly ýörelgelerini dabaralandyrýar. Bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, sazlaşykly ösüşi, döwrebap bilim-terbiýe almaklary bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň aýratyn üns merkezinde saklanýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Gaznanyň alyp barýan işleriniň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň edýän taýsyz tagallalaryňyz, hemaýatlaryňyz, goldawlaryňyz we howandarlygyňyz bilen ýurdumyzda çagalaryň özlerini ýakyn hossarly duýmagy, bagtly ýaşamagy, sagdyn, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar. Gaznanyň döredilen gününden başlap howandarlyga mätäç çagalaryň jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan hukugynyň üpjün edilmegi üçin hemme zerur şertler döredilýär. Çagalaryň saglygyny goramak üçin häzirki zamanyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurulmagy, hususan-da, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertler aýratyn ähmiýetlidir.

Siziň tagallalaryňyz esasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy dünýä ýurtlarynyň çagalaryna hem ýurdumyzyň adyndan hemaýat bermek işlerini alyp barýar. Bu haýyr-sahawatly işler türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerine, däp-dessurlaryna esaslanýar we döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň binýadyny has-da berkidýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi bu işiň ilerlemegine özüniň oňyn täsirini ýetirdi. Alnyp barlan işleriň netijeleri çagalaryň özleri baradaky hemmetaraplaýyn aladany duýmagyna we jemgyýetimizde mynasyp ornuny tapmagyna mümkinçilik berýär. Siziň tagallalaryňyz bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilmegi döwletimiz tarapyndan gaznanyň işine berilýän uly üns-aladanyň nyşanydyr.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň ýurdumyzda ynsanperwer tagallalary ilerletmek bilen, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesliň bagtyýar şu güni we geljegi hakyndaky aladalaryňyz, döredýän mümkinçilikleriňiz türkmen halkyny döredijilikli zähmete, bagtyýar geljege ruhlandyrýar. Şu günki maslahatda hem gaznanyň alyp barýan işleriniň nusgalyk häsiýeti, özüne çekiji tejribesiniň bardygy, bu işleriň ylmy esasda düýpli öwrenilmelidigi barada aýratyn bellenildi.

Öz halkyna hyzmat etmegi iň uly bagt hasaplaýan, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, belent başyňyzyň aman, döwletli tutumlaryňyzyň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

«Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahata gatnaşyjylar.