TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyz hem-de bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriňiziň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyzda: «Syýahatçylygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli döwlet maksatnamalary Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da belende göterýär, halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar» diýip belleýşiňiz ýaly, Türkmenistanda ähli ulgamlar bilen birlikde, syýahatçylyk pudagyny has-da ösdürmek, oňa dünýä syýahatçylygynyň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak, bu işde häzirki zamanyň kämil innowasiýalaryny, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigine ýakyndan göz ýetirdik. Nobatdaky forum Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynda gazanan üstünliklerini we ýeten sepgitlerini dünýä ýaýmakda, beýleki döwletleriň hem-de halkara syýahatçylyk guramalarynyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmakda, bu ugurda özara tejribe alyşmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan türkmen topragynyň täsinlikleri, ajaýyp tebigaty, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Gadymy Merw», «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanalary, Parfiýanyň Nusaý galalary we Garagum sährasynyň gözellikleri Türkmenistana gelýän syýahatçylary haýran galdyrýar. Häzirki döwürde ýurtda syýahatçylyk işini döwrebaplaşdyrmaga we kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berlip, syýahatçylyk geljegi uly pudak hökmünde ösdürilýär. Türkmenistanyň gözel ýerleri, taryhy-medeni gymmatlyklary özünde jemleýän muzeýleri, ýadygärlikleri özboluşlylygy we milliligi bilen giňden meşhurdyr.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Abraýly syýahatçylyk guramalarynyň, dünýä döwletleriniň syýahatçylyk boýunça ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmaklary forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Maslahatyň çäklerinde biz Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşdyk, Aşgabat şäheriniň muzeýlerine, Köne Nusaý galasyna, Arkadag şäherine baryp gördük, Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyk. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kämil paýhasyndan kemala gelen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalary bizi haýran galdyrdy.

Häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, tebigy täsinlikler we gaýtalanmajak gözellikler ýurduň syýahatçylyk ugurlarynyň we mümkinçilikleriniň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Döwrebap myhmanhanalary, sagaldyş-dynç alyş, sport desgalary bilen meşhurlyga eýe bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň halkara derejeli deňiz syýahatçylygynyň merkezine öwrülmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Biz myhmansöýer türkmen topragynda bolan günlerimizde türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşaýandygyna, Türkmenistanyň beýik özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna ýene bir ýola göz ýetirdik.

Türkmenistan geljegi uly kämil syýahatçylygyň merkezidir. Türkmenistan dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagyna ägirt uly goşant goşýan dost-doganlyk mekanydyr.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

«Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi, güneşli Türkmenistana gelip görmäge, syýahatçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler bilen içgin tanyşmaga döredilen mümkinçilikler üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi, syýahatçylyk işiniň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, döwletli işleriňiz hemişe rowaç bolsun!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

«Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşyjylar.