TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Änew — tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty

Türk­me­nis­tan­da şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra ba­dal­ga be­ril­di

Ahal we­la­ýa­ty, 26-njy mart (TDH). Şu gün Ak bug­daý et­ra­bynyň “Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky” “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da “Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty” diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

“Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty” at­ly mak­sat­na­ma tür­ki halk­la­ryň me­de­ni müm­kin­çi­lik­le­ri­ni açyp gör­kez­mä­ge we ola­ryň mi­ra­sy bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Mu­nuň özi her ýyl­da tür­ki dil­li ýurt­la­ryň dür­li şä­her­le­ri­niň dö­re­di­ji­lik ta­ry­hy­na ün­si çek­me­gi, şo­nuň esa­syn­da-da baý me­de­ni çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýar we tür­ki halk­la­ryň ta­ry­hyň do­wa­myn­da eme­le ge­len gat­na­şyk­la­ry­na, me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da do­wam et­di­ril­ýän hyz­mat­daş­ly­ga esas­lan­ýar.

Ga­dy­my şä­her­le­ri­mi­ziň eý­ýäm ikin­ji ge­zek “Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty” diý­lip yg­lan edil­me­gi bi­len, ýur­du­myz özü­niň ga­dy­my ta­ry­hy­na, baý mil­li me­de­ni­ýe­ti­ne yl­my we dö­re­di­ji­lik in­tel­li­gen­si­ýa­nyň ün­sü­ni çek­mä­ge, hä­zir­ki za­man ga­za­nan­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik al­ýar. 2015-nji ýyl­da bu de­re­jä Ma­ry şä­he­ri eýe bol­dy. Onuň şeý­le ab­raý­ly ada my­na­syp bol­ma­gy­nyň çäk­le­rin­de tür­ki dil­li ýurt­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň, do­gan­lyk halk­la­ryň dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­me­gi­ni şert­len­di­ren dür­li çä­re­ler üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2024-nji ýy­ly “Tür­ki dün­ýä­si­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly”, ga­dy­my Änew şä­he­ri­ni bol­sa şol ýyl­da “Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty” di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky çöz­güt Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Bur­sa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mej­li­sin­de ka­bul edi­lip­di. Mu­nuň özi hal­ka­ra yn­san­per­wer baş­lan­gyç­la­ry iş­jeň­leş­dir­ýän döw­let hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň ta­gal­la­la­ry­nyň we bar bo­lan ägirt uly me­de­ni müm­kin­çi­lik­le­ri­niň yk­rar edil­me­gi­niň no­bat­da­ky gü­wä­si­dir.

“Hä­zir­ki dö­wür­de Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan bi­len dün­ýä döw­let­le­ri­niň hem-de ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk bar­ha ös­dü­ril­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­miz he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na yg­rar­ly bo­lup, se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­le­ri üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýar. Bu ugur­da yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýan me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­nyň çäk­le­rin­de dün­ýä döw­let­le­ri, aý­ra­tyn-da, tür­ki dün­ýä­niň ýurt­la­ry bi­len me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­my­za aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýä­ris” diý­lip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedowyň bu mö­hüm çä­rä gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gyn­da bel­le­nil­ýär.

TÜRK­SOÝ bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän sy­ýa­sa­tyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň Ak­sak­gal­lar ge­ňe­şi­niň ýa­kyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len mej­li­si bu gu­ra­ma bi­len köp­ta­rap­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň iş­jeň or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň “Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet” at­ly tä­ze ki­ta­byn­da türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly geç­mi­şi düýp­li we gi­ňiş­le­ýin be­ýan edi­lip, dür­li ta­ry­hy mag­lu­mat­lar be­ril­ýär. Şeý­le hem bu aja­ýyp eser­de hal­ky­my­zyň ta­ry­hy, asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len ga­dy­my me­de­ni, ru­hy däp-des­sur­la­ry ba­ra­da söh­bet edil­ýär.

Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Ahal we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän ýa­dy­gär­lik­le­riň go­ra­lyp sak­la­nyl­ma­gy­na-da aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu gym­mat­lyk­lar dür­li ar­heo­lo­gik dö­wür­le­re we mil­li me­de­ni däp-des­sur­la­ra de­giş­li bol­mak bi­len, hal­ky­my­zyň hem-de onuň geç­mi­şi­niň ru­hy esas­la­ry hök­mün­de dö­wür­le­ri öza­ra bir­leş­di­rip, hä­zir­ki döw­rüň ne­sil­le­ri­ni ýag­şy däp-des­sur­la­ryň do­wam et­di­ril­me­gi­ne, türk­men top­ra­gy­nyň be­ýik geç­mi­şi­ne hor­mat bi­len ga­ra­ma­ga iter­ýär. Di­ýa­ry­my­zyň bu kün­je­gi ga­dy­my me­de­ni­ýet­le­riň gat­lak­la­ry­ny özün­de sak­la­ýar: hut Aha­lyň dag etek­le­rin­de il­kin­ji eke­ran­çy­lar ak bug­da­ýy ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip­dir­ler, ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ahal­te­ke be­dew­le­ri şu me­kan­dan göz­baş al­ýar. Geç­miş­de bu ýer­de me­de­ni­ýe­tiň gül­läp ösen­di­gi­ne bar bo­lan ta­ry­hy mag­lu­mat­lar şa­ýat­lyk ed­ýär.

“Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şu ýyl­da ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de we da­şa­ry döw­let­ler­de be­ýik akyl­dar şa­hy­ryň ýu­bi­le­ýi­ne ba­gyş­la­nan çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Ola­ryň esa­sy mak­sa­dy mun­dan beý­läk-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­nyň wa­gyz edil­me­gi­ne ýar­dam et­mek­den, bu ugur­da yl­my bar­lag­la­ry çuň­laş­dyr­mak­dan, türk­men nus­ga­wy şa­hy­ry­nyň şa­hy­ra­na we fi­lo­so­fik dün­ýä­si­ne hal­ka­ra yl­my-ede­bi jem­gy­ýet­çi­li­giň ün­sü­ni çek­mek­den yba­rat­dyr. Şa­hy­ryň eser­le­rin­de be­ýan edil­ýän yn­san­per­wer ga­ra­ýyş­lar di­ňe bir XVIII-XIX asyr türk­men dur­mu­şy­na däl, eý­sem, Gün­do­ga­ryň äh­li halk­la­ry­na-da uly tä­si­ri­ni ýe­ti­rip­dir.

...Şu gün “Now­ruz ýaý­la­syn­da” giň ge­rim­li baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy eme­le gel­di. Da­ba­ra­la­ra gat­naş­mak üçin bu ýe­re Hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, Halk Mas­la­ha­ty­nyň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, da­şa­ry döw­let­le­riň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri ýyg­nan­dy­lar. Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da “Ga­dy­my Änew me­de­ni­ýe­ti” at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ta, “Türk­men top­ra­gy — ga­dy­my si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň mer­ke­zi” at­ly met­bu­gat mas­la­ha­ty­na, “Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri” at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ta gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za ge­len Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň we onuň dü­zü­mi­ne gir­ýän Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ), Tür­ki döw­let­le­riň Par­la­ment As­samb­le­ýa­sy­nyň, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň we mi­ra­syň gaz­na­sy­nyň, Hal­ka­ra tür­ki aka­de­mi­ýa­sy­nyň, TÜRK­SOÝ-na ag­za hem-de syn­çy ýurt­la­ryň de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr yl­my we­ki­li­ýet­le­ri bar.

Bu ýer­de myh­man­lar çy­kyş­lar bi­len gar­şy­la­nyl­dy. Baý­ram­çy­ly­gyň şeý­le tä­sir­li baş­lan­ma­gy oňa gat­naş­ýan­la­ryň kal­by­ny heý­ja­na ge­ti­rip, ýü­rek­le­ri­ni şat­ly­ga bes­le­di.

Ha­ta­ra dü­zü­len ak öý­le­riň ýa­nyn­da ga­zan­lar ata­ry­lyp, olar­da türk­men aş­ha­na­sy­nyň mil­li ta­gam­la­ry taý­ýar­la­nyl­ýar. Halk aý­dym­la­ry­nyň bu gör­nüş­ler bi­len ut­gaş­ma­gy da­ba­ra öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­ýar. Her bir öýüň ýa­nyn­da gur­na­lan se­ki­ler­de ze­nan­lar mil­li ta­gam­la­ry, süý­ji nyg­mat­la­ry taý­ýar­la­ýar­lar. Ze­hin­li ge­lin-gyz­lar el hü­nä­ri­ni gör­ke­zip, mil­li tah­ýa­la­ry tik­mek, keş­de çek­mek, ha­ly do­ka­mak, ke­çe gül­le­mek ýa­ly iş­ler bi­len meş­gul­lan­ýar­lar. Bu gör­nüş­ler türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my ýö­rel­ge­le­ri­niň döw­re­bap de­re­je­de do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Bu ýer­de da­ba­ra gat­naş­ýan ýurt­la­ryň we­kil­le­ri­niň ser­gi di­war­lyk­la­ry hem ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Do­gan­lyk ýurt­la­ryň her bi­ri ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň, halk se­net­çi­li­gi­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni, ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni we geç­miş­den ga­lan beý­le­ki gym­mat­lyk­la­ry gör­kez­di. Bu­la­ryň äh­li­si aý­dym-saz­lar bi­len ut­ga­şyp, du­tar, ker­naý, sur­naý saz gu­ral­la­ry­nyň hem­me­le­ri baý­ram­çy­ly­ga ça­gyr­ýan aja­ýyp owa­zy ýaň­lan­ýar. Ak öý­le­riň go­la­ýyn­da tam­dyr­lar gur­na­lyp, ga­zan­lar ata­ry­lyp­dyr, dür­li ta­gam­lar taý­ýar­la­ny­lyp, naz-nyg­mat­dan do­ly sa­çak­lar ýa­zy­lyp­dyr.

Myh­man­la­ra ga­dy­my geç­mi­şi we däp-des­sur­la­ry jan­lan­dyr­ýan sah­na çy­kyş­la­ry gör­ke­zil­ýär. On­dan uzak bol­ma­dyk ýer­de ker­wen ha­tar­la­ry gö­rün­ýär. Mu­nuň özi da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra Be­ýik Ýü­pek ýo­ly döw­rü­ne ga­ýy­ba­na sy­ýa­hat et­mä­ge hem-de onuň ta­ry­hy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ge­lin to­ýu­nyň da­ba­ra­la­ry baý­ram­çy­ly­gyň joş­gu­ny­ny has-da art­dyr­dy. Şeý­le toý-da­ba­ra­lar mil­li des­sur­lar, asyl­ly ýö­rel­ge­ler bi­len ut­gaş­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi mil­le­tiň ru­hy-me­de­ni kök­le­ri­ne, ga­dy­my maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­na yg­rar­ly bo­lan hal­ky­my­zyň dur­muş ul­ga­my­nyň esa­sy bö­le­gi bo­lup dur­ýar.

Dil­den-di­le ge­çip, hä­zir­ki döw­re ge­lip ýe­ten halk we est­ra­da aý­dym­la­ry sah­na­laş­dy­ry­lan däp-des­sur­lar bi­len ut­ga­şyp, ýat­da ga­ly­jy pur­sat­la­ry dö­red­ýär. Äh­li ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň hem-de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi, aba­dan­çy­ly­gy, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy ug­run­da alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi ba­ra­da­ky ar­zuw­lar ýaň­lan­ýar.

Ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak mil­li gym­mat­lyk­lar bo­lup dur­ýar. Olar hal­kyň ru­hy-ta­ry­hy tej­ri­be­le­ri­ni, türk­men döw­let­li­li­gi­niň bel­li dö­wür­le­ri­ni be­ýan et­mek bi­len, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ne go­şan ägirt uly go­şan­dy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Nu­sa­ýyň, Pa­ryz­de­pä­niň, Abi­werd ga­la­sy­nyň, Mä­ne ba­ba­nyň küm­me­ti­niň, Se­ýit Je­ma­led­din met­ji­di­niň we beý­le­ki ta­ry­hy des­ga­la­ryň ýö­ri­te taý­ýar­la­ny­lan şe­kil­le­ri şu gün­ki da­ba­ra aý­ra­tyn be­zeg ber­di. Sah­na­laş­dy­ry­lan çy­kyş­da teatr ar­tist­le­ri ar­heo­log­la­ryň, şol san­da dün­ýä­de il­kin­ji bo­lup Änew me­de­ni­ýe­ti­niň üs­tü­ni açan Ra­fael Pam­pel­li­niň keş­bi­ni jan­lan­dyr­ýar­lar. Bu ýer­de ar­heo­lo­gik göz­leg­le­riň ne­ti­je­sin­de ta­py­lan ke­ra­mi­ki önüm­ler, ak bug­daý we beý­le­ki­ler gör­ke­zil­ýär.

Bag­şy­la­ryň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän aý­dym­la­ry bu gör­nüş­le­re aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy. Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da ça­ga­lar mil­li oýun­la­ry oý­na­ýar­lar. Ýaş tür­gen­ler ýag­ly­ga tow­sup, ça­la­syn­ly­gy­ny, us­sat­ly­gy­ny gör­kez­di­ler. Bir söz bi­len aý­dy­lan­da, bu ýer­de äh­li däp-des­sur­la­ry we şat­ly­gy özün­de jem­le­ýän ha­ky­ky oba dur­mu­şy jan­lan­dy­ry­lyp­dyr. Äh­li toý-baý­ram­la­ry­my­zyň be­ze­gi bo­lan us­sat ça­pyk­su­war­la­ryň at üs­tün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren çy­kyş­la­ry aý­ra­tyn tä­sir­li bol­dy. Aja­ýyp be­dew­le­re at­la­nan ýi­git­ler us­sat­lyk­la­ry­ny gör­ke­zip, köp­çü­li­ge joş­gun­ly duý­gu­la­ry ba­gyş­la­dy­lar. Be­dew­le­riň ýüw­rük­li­gi ça­pyk­su­war­la­ryň us­sat­ly­gy bi­len saz­la­şyp, gö­zel gör­nü­şi eme­le ge­tir­ýär.

Göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz we däp-des­sur­la­ry­myz mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Asyl­ly ýö­rel­ge­ler, hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk däp­le­ri döw­rüň ru­hu­na la­ýyk­lyk­da baý­laş­dy­ry­lyp, çe­per dö­re­di­ji­li­giň dür­li gör­nüş­le­rin­de öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.

“Türk­me­niň ak öýi” bi­na­sy­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da su­rat­keş­le­riň, şe­kil­len­di­riş we ama­ly ha­şam sun­ga­ty­nyň us­sat­la­ry­nyň, tür­ki halk­la­ryň fo­to­su­rat­çy­la­ry­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­si ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Bu ser­gi iň go­wy mil­li däp­le­riň esa­syn­da ýur­du­my­zyň bel­li us­sat­la­ry, ýaş ze­hin­le­ri ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len su­rat eser­le­ri­ni, ha­ly önüm­le­ri­niň, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň, ke­ra­mi­ka­nyň we heý­kel­ta­raş­ly­gyň nus­ga­la­ry­ny öz içi­ne al­dy. Bul­a­ryň äh­li­si hal­ky­my­zyň hä­zir­ki za­man ta­ry­hy­nyň öz­bo­luş­ly be­ýa­ny­dyr.

Ser­gi­niň bir bö­le­gi­ni tür­ki halk­la­ryň ta­ry­hy­ny hem hä­zir­ki dur­mu­şy­ny şöh­le­len­dir­ýän özü­ne çe­ki­ji fo­to­su­rat­lar eýe­le­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ra­ýat­la­ryň zäh­met çek­mek­le­ri, dynç al­mak­la­ry üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len şä­her­gur­lu­şyk sy­ýa­sa­ty­nyň ge­ri­mi­ni, üs­tün­lik­le­ri­ni açyp gör­kez­ýän fo­to­su­rat pa­no­ra­ma­sy aý­ra­tyn tä­sir gal­dyr­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mil­li me­de­ni­ýe­tiň iň go­wy ýö­rel­ge­le­ri­niň do­wa­mat­ly­ly­gy­na uly üns ber­ýär. Mil­le­ti­mi­ziň me­de­ni mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak, öw­ren­mek we baý­laş­dyr­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, onuň ru­hy, aň-paý­has müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Soň­ra “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da bu ýe­re ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Gut­la­gyn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de TÜRK­SOÝ ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­tan­da we beý­le­ki tür­ki dil­li döw­let­ler­de gu­ral­ýan me­de­ni çä­re­ler dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň bin­ýa­dy­ny bar­ha ber­kid­ýär.

Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Sul­tan Ra­ýew we Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Ku­ba­nyç­bek Omu­ra­li­ýew şu gün­ki da­ba­ra­nyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aýt­mak bi­len, halk­la­ryň ara­syn­da dö­re­di­ji­lik alyş­ma­la­ry üçin dö­re­di­len aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­re, jem­gy­ýe­tiň me­de­ni-ru­hy dur­mu­şy­nyň ösü­şi­ne aý­ra­tyn üns ber­ýän­dik­le­ri üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa we türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za çuň­ňur ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, äh­li çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­jek­di­gi­ne, ola­ryň halk­la­ryň ara­syn­da­ky yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň ös­me­gi­ne hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ril­di.

Soň­ra giň ge­rim­li baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti gu­ral­dy. On­da Türk­me­nis­ta­nyň hem-de tür­ki dil­li ýurt­la­ryň sun­gat us­sat­la­ry çy­kyş et­di­ler. Sah­na­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan aja­ýyp çy­kyş­la­ryň esa­sy­ny me­de­ni­ýet­le­riň dia­lo­gy, halk­la­ryň dost­lu­gy ba­ra­da­ky ga­ra­ýyş­lar düz­di. “Dok­ma­çy­lar” folk­lor to­pa­ry­nyň we ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren “Oguz­lar ýur­dun­da toý­dur da­ba­ra” at­ly ede­bi-saz­ly kom­po­zi­si­ýa­sy kon­ser­tiň şow­hu­ny­ny art­dyr­dy. On­da geç­miş bi­len şu gü­nüň aý­ryl­maz ara­bag­la­ny­şy­gy, türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­nyň be­ýik iş­le­ri, ýur­du­my­zyň hä­zir­ki dö­wür­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri wasp edil­di. Kon­sert mak­sat­na­ma­sy dür­li halk­la­ryň asyr­lar­bo­ýy do­wam edip gel­ýän öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­ny şöh­le­len­dir­ýän halk we döw­re­bap aý­dym-saz­lar­dan, tans, sah­na eser­le­rin­den yba­rat bol­dy. Sah­na­da mil­li saz­lar, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň we beý­le­ki türk­men şa­hyr­la­ry­nyň şy­gyr­la­ry­na dö­re­di­len aý­dym­lar ýaň­lan­dy.

Ga­za­gys­ta­nyň “Ha­zy­na” we Gyr­gy­zys­ta­nyň “Dil­gir” tans to­par­la­ry aja­ýyp halk tans­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Baş­gyr­dys­tan we Sa­ha (Ýa­ku­ti­ýa) Res­pub­li­ka­la­ryn­dan, Mol­do­wa­dan (Ga­gau­zi­ýa) ge­len sun­gat us­sat­la­ry dür­li aý­dym­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Sah­na­da türk we öz­bek halk saz to­par­la­ry­nyň mil­li nus­ga­wy saz gu­ral­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren şi­rin aý­dym-saz­la­ry ýaň­lan­dy. Olar dür­li žanr­la­ra de­giş­li eser­le­riň öz­bo­luş­ly ýe­ri­ne ýe­ti­riş usu­ly­ny gör­kez­di­ler. “Al­tyn ga­ra­göz” (Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy) we “Bu­ho­ro mawj­la­ri” (Öz­be­gis­tan) halk tans to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry joş­gun­ly aý­dym­la­ry, aja­ýyp halk tans­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­dy. “Meň­li” tans to­pa­ry­nyň Ty­wa Res­pub­li­ka­syn­dan (Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy) “Ede­geý” tans we mo­da teat­ry­nyň sun­gat us­sat­la­ry bi­len bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren “Bi­le­zik” at­ly aý­dym-saz­ly kom­po­zi­si­ýa­sy kon­ser­te aý­ra­tyn be­zeg ber­di. “Gal­ky­nyş”, “Näz­li”, “La­çyn”, “Mi­ras”, “Ser­paý”, “Aş­ga­bat” ýa­ly to­par­lar özü­ne çe­ki­ji tans­ly sah­na çy­kyş­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.

Est­ra­da aý­dym­çy­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry to­ma­şa­çy­lar­da ýa­kym­ly duý­gu­la­ry dö­ret­di. Kon­sert türk­men sun­ga­ty­nyň we tür­ki döw­let­le­riň halk­la­ry­nyň baý müm­kin­çi­lik­le­ri­ni açyp gör­kez­ýän žanr­la­ryň köp­dür­lü­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­dy. Çy­kyş eden­le­riň to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ren joş­gu­ny mä­hir­li gar­şy­la­nyl­dy, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy bol­sa baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti­ne aý­ra­tyn öz­bo­luş­ly­lyk çaý­dy. Kon­ser­tiň ahy­ryn­da ga­dy­my dö­wür­ler­den hä­zir­ki gün­le­re ge­lip ýe­ten «Küşt­dep­di» tan­sy ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Bu aja­ýyp çy­kyş do­gan­lyk halk­la­ryň kök­le­ri­niň ga­dy­my­ly­gy­ny, dö­re­di­ji­lik ag­zy­bir­li­gi­niň güý­jü­ni gör­kez­di.

Baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti­ne gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­niň bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de ýaň­la­nan «Al­kyş Si­ze, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz!» at­ly aý­dym da­ba­ra­nyň öz­bo­luş­ly jem­le­me­si­ne öw­rül­di. Bu aý­dym­da türk­men hal­ky­nyň nu­ra­na gel­je­ge ta­rap ynam­ly ga­dam ur­ýan ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň hä­zir­ki döw­rü­ne bo­lan buý­san­jy şöh­le­len­di. Bu eser­de aý­dym­çy­lar we äh­li kon­ser­te gat­na­şy­jy­lar türk­men hal­ky­nyň bag­ty­ýar, aba­dan dur­mu­şy, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi üçin ýa­daw­syz ala­da ed­ýän döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedowa ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan et­di­ler.

Şu gün Ak bug­daý et­ra­byn­da­ky “Now­ruz ýaý­la­syn­da” gu­ra­lan me­de­ni çä­re çuň­ňur ta­ry­hy kök­le­ri we umu­my däp­le­ri bo­lan halk­la­ryň me­de­ni­ýe­ti­ni baý­laş­dyr­ýan gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge ym­tyl­ma­la­ryň aý­dyň ny­şa­ny bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, hal­ka­ra de­re­je­de ge­çi­ril­ýän şeý­le çä­re­ler dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dost­lu­gyň we do­gan­ly­gyň da­ba­ra­lan­ma­gy­na hyz­mat ed­ýär.

***

Me­de­ni mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de myh­man­lar Se­ýit Je­ma­led­din met­ji­di­ne, se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Ar­ka­dag şä­he­ri­ne, paý­tag­ty­my­zyň we Ahal we­la­ýa­ty­nyň gö­zel ýer­le­ri­ne ba­ryp gör­dü­ler.