TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Duşenbe güni, birža söwdalaşyklarynda nebithimiýa we ýeňil senagaty önümleri satyldy

Duşenbe güni. 25-nji martda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Örbegistan Respublikasynyň işewürleri "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa" Döwlet Konserninden kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasy we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, Türkiýe Döwletiniň işewürleri ýerli kärhanasyndan Ranforse 100% nah matasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 751 530,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.