TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň, telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hatlarynda bu nurana bahar baýramynyň sahylygy we berekedi, bagtyýarlygy, abadançylygy alamatlandyryp, bularyň ählisiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan syýasatynda aýdyň beýanyny tapýandygyny belleýärler. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimizi Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, güýç-kuwwat, Watanymyzyň rowaçlygynyň we gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyza medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan M.Mämmedowa, A.Şamyradow, A.Aşyrow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowa, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa, “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň baş direktory G.Mämmedowa iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Döwlet Baştutanymyzy Halkara Nowruz güni bilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Demirok, Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi R.Harazýan, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi K.Sabiaşwili, “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş ýerine ýetiriji direktory W.Worobýow, “Lukoýl” kompaniýasynyň paýdary W.Alekperow, “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň başlygy Erman Ylyjak, “John Deere” kompaniýasynyň Baş direktory Çaba Leýko, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy W.Petruk tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow, Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy J.Jumagylyjow, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Jepbarow, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Atagulyýew, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary M.Datdow gutlag hatlaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Milli bahar baýramy bilen Daşoguz şäheriniň häkimi N.Çopanow, Mary şäheriniň häkimi K.Amanmyradow, Bäherden etrabynyň häkimi S.Çopanow, Magtymguly etrabynyň häkimi R.Saparberdiýew, Kerki etrabynyň häkimi M.Gaýipow, Akdepe etrabynyň häkimi Ý.Gowşudow, Ýolöten etrabynyň häkimi M.Goşaýew, Köneürgenç etrabynyň häkimi G.Muhammedow, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi S.Meredow, Gökdepe etrabynyň häkimi Ç.Çarlyýew, Boldumsaz etrabynyň häkimi W.Saparmyradow, Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy K.Rozmetow gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Suratkeşler birleşiginiň başlygy Ç.Ýazmyradow, Lebap welaýat çaphanasynyň başlygy B.Dolyýew, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň direktory M. Annagulyýewa, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory G.Gulgeldiýew, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap geňeşiniň başlygy J.Bazarowa, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň başlygy B.Ataýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň başlygy Ý.Abdyrahmanow, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap geňeşiniň başlygy Ç.Seýitow we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gutlag hatlarynda medeni mirasymyzyň taryhyny ylmy taýdan öwrenmegiň, gadymy nusgalaryny ýüze çykarmagyň, gaýtadan dikeltmegiň, geljek nesillere ýetirmegiň döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belleýärler. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi bu möhüm waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, ata Watanymyzyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutladylar.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Olarda bu möhüm wakanyň döwlet Baştutanymyzyň sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydygy bellenilýär. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimizi bu şanly waka bilen mähirli gutlaýarlar we tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň, tutuş adamzadyň durnukly ösüşiniň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutladylar.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutladylar.

(TDH)