TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi türki halklaryň gadymy baýramy — bahar paslynyň gelmegini hem-de tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gadymy döwürlerden bäri Nowruz Günüň nuruny, parahatçylygy hem-de täze asylly işleriň amala aşyrylmagyny alamatlandyrýar. Bu baýram doganlyk türki halklaryň arkalaşygy ýaly köp milletlere degişli bolup, dürli öwüşgine eýedir.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Mintimer ŞAÝMIÝEW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti.