
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gadymy baýram tebigatyň täzelenişini, bereket-bolçulygy alamatlandyryp, Watanymyzyň döredijilik ýoly bilen belent maksatlara tarap okgunly öňe gitmeginiň aýdyň beýany bolup durýar. Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyzy Nowruz baýramy bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýew, dokma senagaty ministri R.Rejepow, oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew, daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýew, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy D.Süleýmanow, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy M.Öwezliýew, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy N.Berdiniýazow, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy G.Ataýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Wolsahatow, Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy N.Atagulyýew gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy Milli bahar baýramy mynasybetli Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň we türkmen diplomatlarynyň adyndan R.Meredow, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Hajiýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Orazow, Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ý.Serýaýew, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Amannazarow, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Palwanow, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Annaýew, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Şagulyýew, Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Ataýew, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Gölliýew, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow, Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Elýasow, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredow, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Goçmyradow we köp sanly beýlekiler tüýs ýürekden gutladylar.
(TDH)