
Çarşenbe güni, birža söwdalaşyklarynda nebithimiýa, ýeňil senagaty we türkmen el halylary satyldy
Çarşenbe güni, 20-nji martda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan Yslam Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "SN-350" we "SN-600" kysymly başlangyç ýagyny, içerki bazarda türkmen işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 30 S" kysymly polipropileni, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan kökli çaý içgisini we türkmen el halylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 546 301,30 manada we 6 952 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.