
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri gutlaglarynda galkynyşy, gülläp ösüşi hem-de täzelenişi alamatlandyrýan bu baýramyň halklary ýakynlaşdyryp, raýdaşlygy pugtalandyrýandygyny belleýärler. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu nurana baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutlag hatyny iberdiler.
Milli bahar baýramy mynasybetli döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny ýolladylar.
Döwlet Baştutanymyzy Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gutladylar.
(TDH)