
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda saýlawlarda gazanylan bu ýeňşiň ählihalk ynamynyň we halkymyzyň rowaçlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, onuň halkara giňişlikdäki ornunyň pugtalandyrylmagynyň bähbidine alnyp barylýan döwlet syýasatynyň watandaşlarymyz tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň beýany bolandygy nygtalýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, işewürler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutlag hatlaryny iberdiler.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzy bu şanly sene bilen Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutladylar.
(TDH)