
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli guralan sergä hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli guralan sergä hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyz we bu giň möçberli çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi üçin döreden mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, alyp barýan beýik işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygynyň, şu mynasybetli geçirilen çäreleriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna gabat gelmegi bu çärelere aýratyn öwüşgin berdi. Siziň belleýşiňiz ýaly, Magtymguly taryhy köklerden, milli däp-dessurlardan aýagyňy üzmän, döwrüň täzeçilliklerine, belent ösüşlerine uýup ýaşamakdyr. Magtymguly şahsyýetdir, maşgaladyr, jemgyýetdir, döwletdir. Akyldar şahyrymyzyň tutuş döredijiligi şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň we tebigatyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu günki gün ýurdumyzyň dürli ugurlarynda yhlas bilen zähmet çekýän, bilim alýan, Magtymguly Pyragynyň paýhas mekdebinde terbiýelenýän watansöýüji nesil kemala geldi. Bu nesle degişli bolan ýaş telekeçilerimiz Garaşsyz Diýarymyzyň depginli ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly ykdysady strategiýaňyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasaty alyp barmak, netijede, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen önümler bilen doly üpjün etmek ýaly möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Durmuş-ykdysady ösüşleriň hukuk binýadyny düzýän milli kanunçylygymyz döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär, ykdysady işiň rowaçlanmagyna esas döredýän netijeli býujet, salgyt, bank syýasaty alnyp barylýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu maksatlary durmuşa geçirmekde döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde, ykdysadyýetiň hususy pudagy ýokary depginlerde ösdürilýär. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek arkaly, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar. Bu sepgide ýetmek üçin döredilýän oňaýly şertler, döwlet tarapyndan berilýän goldawlar, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň parasatly başlangyçlaryňyz esasynda geçirilýän özgertmeler bizi täze üstünliklere, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda giň gerim bilen guralan köpugurly serginiň netijeleri, birleşmäniň maslahatynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanylýan guwandyryjy netijeler barada berlen hasabatlar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Çärä gatnaşyjylar bu işleriň ählisiniň Siziň amala aşyrýan öňdengörüjilikli ykdysady syýasatyňyzyň, telekeçilere berýän hemaýat-goldawlaryňyzyň esasynda mümkin bolýandygyny buýsanç bilen nygtadylar.
Hususyýetçileriň giňden ýaýbaňlandyrylan sergisinde döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän köp görnüşli senagat önümleri, ýokary hili bilen içerki we daşarky bazarlarda alyjylaryň uly isleglerinden peýdalanýan oba hojalyk, azyk önümleri mynasyp orun eýeledi. Şeýle hem hususy kärhanalar tarapyndan gurulýan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän binagärlik desgalary, ulag-logistika ugurlarynda ýetilen sepgitler, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda alnyp barylýan işler, sanly ykdysadyýeti, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda amala aşyrylýan işler, döwrebap hyzmatlar ulgamynyň ösüşleri giňden şöhlelendirildi.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Siziň öňde goýýan wezipeleriňizden ugur alyp, türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümçilikleri artdyrmagyň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Siziň kiçi we orta telekeçiligiň milli ykdysadyýetimiziň esasy üns merkezindäki ugurlaryň biridigi, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm ornuň degişlidigi, türkmen telekeçileriniň halkara derejede ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýändikleri, döwletimiziň abraýyny belende göterýändikleri baradaky aýdanlaryňyz başymyzy göge ýetirýär, işlerimizi rowaçlyga besleýär, täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň ösüşlerine giň ýol açyp, döredip berýän şertleriňize, yzygiderli goldawlaryňyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde alyp barýan beýik işleriňizde elmydama üstünlikleriň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli guralan sergä hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylar.