TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynda brifing geçirildi

2024-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Er-Riýaddaky Ilçihanasynda 9-njy fewralda geçirilen Türkmenistanyň Minisrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň, şeýle-de 22-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Maslahata Saud Arabystanda ýaşaýan türkmen diasporasy gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi gatnaşyjylara möhüm meseleleri üstünlikli durmuşa geçirmekde “2024-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiň netijeli işleýändigini, haryt öndürijileriniň düşewüntliligini we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze iş ýerleri döredilýändigini tanyşdyrdy.

Maslahatyň çäginde, gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby bilen tanyşdyryldy. Kitabyň möhümligi, aýratyn-da türkmen ýaşlaryny terbiýelemekdäki ähmiýeti bellendi.

Şeýle-de Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi bilen bagly pikir alşyldy hem-de şu ýylyň dowamynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanda birnäçe medeni we ylmy çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi mälim edildi.