TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Anna güni, birža söwdalarynda bitum we türkmen el halylary satyldy

Anna güni, 1-njy martda, birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "BND 60/90" kysymly nebit ýol bitumyny we türkmen el halylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 516 060,07 manada deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

"Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy"