
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady
Aşgabat, 1-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady.
Watanymyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, dünýäniň döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.
Antalýa ugramazyndan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen söhbetdeş boldy hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk, ynanyşmak häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Köpugurly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi munuň aýdyň güwäsidir. Türkmen bazarynda türk kompaniýalary netijeli işleri alyp barýarlar we iri taslamalaryň, giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna uly goşant goşýarlar.
Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk etmek bilen, halkara giňişlikde hem gatnaşyklary ösdürýärler. Iki döwletiň özara hoşmeýilli erki netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda diplomat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw edip, Gahryman Arkadagymyzyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň türkmen-türk hyzmatdaşlygynda täze, möhüm sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.