TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Çarşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümleri satyldy

Çarşenbe güni, 28-nji fewralda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň we Özbegistan Respublikasynyň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 382 BF" kysymly polipropileni, içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "КО-20" kysymly kerosini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 546 000,00 manada we 750 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.

"Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy"