
Sişenbe güni birža söwdalarynda nebithimiýa, ýeňil senagaty önümleri we türkmen el halylary satyldy
Sişenbe güni, 27-nji fewralda, birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 30 S" kysymly polipropileni, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden aýna çüýşeleri we türkmen el halylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 006 827,38 manada deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.
"Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy"