TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Duşenbe güni, birža söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we polipropilen satyldy

Duşenbe güni, 26-njy fewralda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkiýe Döwletiniň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden suwuklandyrylan gaz, "TPP D 382 BF" we "TPP D 30 S" kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 14 599 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 13 geleşik baglaşyldy.