
Anna güni, birža söwdalaşyklarynda nebithimiýa, oba-hojalyk, ýeňil senagat, gurluşyk önümleri we türkmen el halylary satyldy
Anna güni, 23-nji fewralda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Türkiýe Döwletiniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 30 S", "SN-180" kysymly başlangyç ýagyny, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden guradylan arassalanmadyk buýan köki we kök baldaklary, ýerli kärhanalaryndan nah ýüplükleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 382 BF" kysymly polipropileni, Türkmenistanyň Dokma Senagaty Ministrliginden aşgarlanmadyk nah ýüplükleri, bir orunlyk, iki orunlyk we maşgala üçin taýyn "Kreton" düşekçe toplumyny, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz (float) aýna we türkmen el halylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 20 227 470,31 manada we 13 872 920,00 ABŞ dollaryna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy.
"Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy"