
Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Kerman şäherinde bolup geçen hem-de köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hadysa zerarly Siziň Alyhezretiňiziň iberen hatyňyzda beýan eden gynanjyňyz we duýgudaşlyk sözleriňiz üçin hoşallygymy bildirýärin.
Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňiziň hem-de Türkmenistanyň halkynyň abraýyny has-da artdyrmagyny dileýärin.
Aýatolla Seýed ALI HAMENEÝI,
Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri.