TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Çarşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagaty önümleri satyldy

Çarşenbe güni, 21-nji fewralda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Gazagystan Respublikasynyň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP Z 30 G" kysymly polipropileni, içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Dokma Senagaty Ministrliginden aşgarlanmadyk nah ýüplük satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 640 878,80 manada we 1 000 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

"Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy"