
Sişenbe güni birža söwdalarynda ýeňil senagaty önümleri ýokary islege eýe boldy
Sişenbe güni, 20-njy fewralda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Türkiýe döwletiniň işewürleri Türkmenistanyň Dokma Senagaty Ministrliginden nah ýüplükleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Dokma Senagaty Ministrliginden taýýar düşekçe toplumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 3 863 960 manada, 46 109.99 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.
"Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy"