TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Duşenbe güni, birža söwdalarynda ýeňil senagaty önümleri satyldy

Duşenbe güni, 19-njy fewralda, birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Dokma Senagaty Ministrliginden dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli önümleri, "Flanel" we "Miktal" iki adamlyk taýýar düşekçe toplumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 864 571.39 manada deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.

"Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy"