
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda bu baýramçylygyň sazlaşykly ösüş ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda dabaraly bellenilmegi uly ähmiýete eýedir. Çünki Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni ýurdumyzyň halkara giňişlikde parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugrunyň, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk, dostluk, özara düşünişmek, açyklyk hem-de döredijilik ýörelgelerine hemmetaraplaýyn eýerýändiginiň mizemez nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiz!
Türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygy — bu biziň ýurdumyz tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň, onuň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ösdürmäge, dünýä ýurtlarynyňdyr halklarynyň parahatçylygyny saklamak, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda halkara guramalaryň çäklerinde bilelikde iş alyp barmaga ymtylyşynyň nyşany bolup durýar.
Siziň baştutanlygyňyzda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda oýlanyşykly durmuşa geçirilýän, geljegi nazarlaýan oňyn daşary syýasaty esasynda Türkmenistan dünýä giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş, halkara işlerde deňhukuklylyk adalatlylyk ýörelgelerine berk we yzygiderli eýerýän, döwletleriň hem-de halklaryň öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde uly abraýa eýe bolýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, Siziň umumadamzat gymmatlyklarynyň ileri tutulmagynda, dünýä halklarynyň asuda ýaşamagyna, adamlaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ýokary adamkärçilik ýörelgelerine esaslanýan syýasatyňyzyň barha dabaralanýandygynyň we hemmetaraplaýyn ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Siziň parasatly daşary syýasatyňyzyň we diplomatiýaňyzyň özboluşly güýji bilen abraýy barha belende göterilýän Türkmenistan bu günki gün dünýäniň sazlaşykly ösýän we hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine berk eýerýän, borçlaryna ygrarly döwlet hökmünde ykrar edilýär. «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanmagyňyz halkymyzyň Siziň öňdengörüjilik bilen durmuşa geçirýän hoşniýetli daşary syýasatyňyza we parahatçylygyň, ylalaşdyryjylygyň özboluşly guraly hökmünde ykrar edilýän köpugurly diplomatiýaňyza ýokary baha berýändiginiň güwäsidir.
Döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri bilen alyp barýan strategik hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, özara bähbitli we netijeli häsiýete eýedir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem bu abraýly gurama bilen köpugurly gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ileri tutulýan maksatlaryň hatarynda kesgitlenendir.
Bu günki gün türkmen diplomatlary üçin işlemek, döretmek we öz hünär başarnyklarymyzy döwletimiziň hem-de halkymyzyň bähbidine gönükdirilen oňyn işler arkaly hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Biz geljekde-de daşary ýurtlarda Türkmenistan döwletimize we halkymyza ygrarly wekilçilik etmek bilen, öz ukyp-başarnyklarymyzy, bilimlerimizi, tejribelerimizi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirmäge çalşarys.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitleriniň we halkymyzyň hukuklarynyň goraglylygynyň hatyrasyna alyp barýan işlerimizde mundan beýläk-de ýadawsyz zähmet çekip, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyny has-da ýokarlandyrmak üçin tagallalarymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys.
Goý, Siziň janyňyz sag, başyňyz dik, mertebäňiz hemişe belent bolsun! Siziň parasatly baştutanlygyňyzda türkmen halky hemişe bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşasyn!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri we türkmen diplomatlary.