
Anna güni, birža söwdalaşyklarynda nebithimiýa önümleri we türkmen el halylary ýokary islege eýe boldy
Anna güni, 16-njy fewralda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gazagystan Respublikasynyň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 382 BF" kysymly polipropileni, içerki bazarda türkmen işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "BND 60/90" kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny, şeýle-hem türkmen el halylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 517 996,83 manada we 9 620 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.
"Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy"