TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Walensiýa portuna baryp gördüler

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri Ispaniýa Patyşalygynyň Walensiýa portunda saparda boldular. Bu sapar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) “Hazar deňziniň sebitinde “ýaşyl” portlaryň we durnuklylyk ýörelgelerini ulanmak” taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Saparyň dowamynda agentligiň wekilleri Walensiýa portunyň häzirkizaman dünýä standartlaryna laýyklykda CO2 zyňyndylaryny azaltmak we bioenergiýa (ýaşyl energiýa) üpjünçiligine geçmek babatda alyp barýan işleri hem-de deňiz portlarynda alynyp barylýan seljermeler, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän synag taslamalary bilen tanyş boldular. Port hojalygyny dolandyrmak, port amallaryny sanlylaşdyrmak, bu işde durnukly ösüşiň ýörelgeleriýe eýermek bilen bagly tejribeler özara alşyldy.

ÝHHG-niň “ýaşyl” port boýunça taslamasynyň esasy maksady söwdany we gämi gatnawlaryny işjeňleşdirmek arkaly Hazar deňzini logistika merkeze öwürmekde tagallalary birleşdirmekden ybaratdyr.

Walensiýa porty ýük dolanyşygy boýunça Ýewropanyň iň uly 5-nji portudyr. Port konteýner ýük daşamalary boýunça Ispaniýada birinji, Orta ýer deňiz sebitinde hem ikinji ýerde durýar.