TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Penşenbe güni, birža söwdalaşyklarynda nebithimiýa we ýeňil senagatyň önümleri satyldy

Penşenbe güni, 15-nji fewralda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Özbegistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 382 BF" kysymly polipropileni, "ТС-1" kysymly uçar kerosiny, "SN-180" kysymly başlangyç ýagyny we suwaklandyrylan gazy, Türkiýe Döwletiniň işewürleri ýerli kärhanasyndan arassalanan nah galyndylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 16 920 470,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.

"Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy"