
Daşary işler ministrliginde Hindistanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Madhumita Bhagatdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetine üns çekdiler.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ylym we bilim, saglygy goraýyş, medeniýet hem-de syýahatçylyk pudaklary kesgitlenildi. Şeýle hem, sanly we häzirki zaman maglumat hem-de aragatnaşyk tehnologiýalary ugry boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.