TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

N.O.ALLANAZAROW hakynda

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nedirguly Orazgulyýewiç Allanazarowy Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri,
2024-nji ýylyň 14-nji fewraly.