
Sişenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagatyň önümleri satyldy
Sişenbe güni, 13-nji fewralda birža söwdalarynda Türkmenistanyň işewürleri ýerli kärhanadan aşgarlanmadyk "Kreton" matasyny, "Türkmenhimiýa" Döwlet Konserninden tehniki kükürt kislotasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 216 000 000,00 manada we 51 200,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.
"Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy"