
Duşenbe güni birža söwdalarynda nebithimiýa önümleri we gurluşyk harytlary satyldy
Duşenbe güni, 12-nji fewralda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Türkiýe Döwletiniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Özbegistan Respublikasynyň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 30 S" we "TPP D 382 BF" kysymly polipropileni, dizel ýangyjy we "ТS-1" kysymly awiakerosini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda türkmen işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 382 BF" kysymly polipropileni we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz (float) aýna satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 645 000,00 manada we 17 835 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.
"Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy"