
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 2023-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Siziň Buýrugyňyz bilen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby 2023-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş-ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edildi hem-de etrabyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy. Munuň üçin Size sebitiň ähli ilatynyň adyndan çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, abraý-mertebäňiziň belent bolmagyny, halkymyzy abadan we eşretli durmuşda ýaşatmak, agzybirligini we jebisligini berkitmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda parahatçylygyň, asudalygyň höküm sürmegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz batly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Her bir günümiz ýatdan çykmajak taryhy pursatlara beslenýär. Ak bugdaý etrabynyň 2023-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edilmegi hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň gazanýan zähmet üstünliklerini, ýetýän belent sepgitlerini dabaralandyrýan waka bolup, welaýatymyzyň agzybir we zähmetsöýer ilaty tarapyndan uly ruhubelentlik, egsilmez ýürek joşguny bilen kabul edildi. Bu buýsançly waka bäş müňýyllyk taryhly merdana halkymyzyň Size bolan çäksiz söýgüsiniň, synmaz ynamynyň, halkymyzyň Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň bilen jebisliginiň, döwletimiziň berkararlygynyň nyşanydyr, Siziň halkymyzyň bähbidine alyp barýan beýik işleriňiziň mynasyp netijesidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» bellenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryňyz halkymyzyň asuda, abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzda döredijilikli zähmet çekmäge, eşretli durmuşda ýaşamaga ähli şertler döredilýär. Ajaýyp döwrümiziň eşretli, bagtyýar günlerinde bolelin durmuşda ýaşaýan, gurýan we döredýän halkymyz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz, Siziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasyňyza, ynsanperwer ýörelgeleriňize daýanyp, alyp barýan içeri we daşary syýasatyňyzy tüýs ýürekden goldaýar. Siz il-günümiziň, ata Watanymyzyň, bütin adamzadyň abadançylygy üçin ýadawsyz tagalla edip, beýik işleri amala aşyrýarsyňyz. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ähli görkezijiler boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edilmeginiň aňyrsynda hem şol beýik işlerdir başlangyçlar, halkymyzyň nurana geljegi ugrundaky tagallalaryňyz dur.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 2023-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş-ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilmegi hem-de etrabyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanandygy üçin Size ýene bir ýola tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 2023-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahata gatnaşyjylar.