TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Şenbe güni birža söwdalarynda nebithimiýa önümleri ýokary islege eýe boldy

Şenbe güni, 10-njy fewralda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Gruziýa Döwletiniň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 382 BF" kysymly polipropileni, Owganystan Yslam Respublikasynyň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "ТS-1" kysymly awiakerosini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 17 630 000 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.