
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.M.GELDIÝEW hakynda
Abdulla Muhammetgeldiýewiç Geldiýewi Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Abdulla Muhammetgeldiýewiç GELDIÝEW
1986-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde doguldy. 2013-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — inžener-gurluşykçy.
Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soňra, 2013 — 2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň “Aşgabatenergogurluşyk” gurluşyk dolandyryş edarasynyň gurluşyk ussasy wezipesinde işledi.
2015-nji ýyldan başlap Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň düzüminde dürli wezipelerde işledi.
2020-nji ýyldan bäri gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
B.M.ORAZDURDYÝEWA hakynda
Baýramgül Motyýewna Orazdurdyýewany Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine belläp, ony Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Baýramgül Motyýewna ORAZDURDYÝEWA
1975-nji ýylda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinde doguldy. 1996-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — hukukçy.
Zähmet ýoluna 1996-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň konstitusiýa hukugy kafedrasynyň mugallymy wezipesinde başlady. Şol ýokary okuw mekdebinde 1996 — 1998-nji ýyllarda aspiranturada okady.
1998 — 2014-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dürli wezipelerde işledi.
2013-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy.
2014 — 2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň bilim ministriniň ýokary we orta hünärmen mekdepler boýunça orunbasary.
2017-nji ýyldan bäri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory.
“Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” hem-de “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.A.MÄMMEDOW hakynda
Myrat Akmyradowiç Mämmedowy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Myrat Akmyradowiç MÄMMEDOW
1963-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. 1987-nji ýylda şol wagtky Türkmen döwlet lukmançylyk institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — bejeriş işi, lukman.
Zähmet ýoluna 1987-nji ýylda Aşgabat şäher hassahanasynyň hirurgiýa bölüminde intern lukmany wezipesinde başlady. 1988-nji ýylda Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde mugallym bolup işledi.
1988-1989-njy ýyllarda Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň uly lukman-laboranty. 1989 — 1994-nji ýyllarda Aşgabat şäher hassahanasynyň hirurgiýa bölüminde hirurg lukmany boldy, Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň gospital hirurgiýasy kafedrasynda aspirantura okuwyny geçdi.
1994-1995-nji ýyllarda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň baş hirurgy. 1995 — 2001-nji ýyllarda Aşgabat şäher hassahanasynda dürli wezipelerde işledi. 2001 — 2006-njy ýyllarda Aşgabat şäher bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň, Aşgabat şäher hassahanasynyň baş lukmany. 2006 — 2011-nji ýyllar aralygynda Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň direktory. 2011-nji ýylda Aşgabat şäher trawmatologiýa we gaýragoýulmasyz hirurgiýa hassahanasynyň baş lukmany.
2011-nji ýyldan bäri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzüminde dürli wezipelerde işledi.
2022-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary.
Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ç.P.ÇETIÝEW hakynda
Çaryýar Puriýewiç Çetiýewi Türkmenistanyň oba hojalyk ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Çaryýar Puriýewiç ÇETIÝEW
1986-njy ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. 2012-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — ýer ulanyş inženeri.
Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soňra, 2012 — 2016-njy ýyllarda Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugynda dürli wezipelerde işledi. 2016 — 2019-njy ýyllarda Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň düzüm böleginiň baş hünärmeni. 2019 — 2022-nji ýyllarda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň düzüm böleklerinde dürli wezipelerde işledi.
2022-2023-nji ýyllarda oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary.
2023-nji ýylyň sentýabrynda Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň bölüm başlygy wezipesine bellenildi.
2023-nji ýylyň sentýabryndan bäri Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ýer serişdeleri boýunça orunbasary.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
G.D.ORUNOW hakynda
Guwanç Döwletmämmedowiç Orunowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
S.N.SELIMOW hakynda
Soýençnazar Nurnazarowiç Selimowy, başga işe geçmegi sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
R.O.IŞANOW hakynda
Röwşen Orazmyradowiç Işanowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
ARAMOW A.B. hakynda
Aramow Abdymuhammet Begmyradowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.R.HUDAÝBERDIÝEW hakynda
Akmyrat Rozydurdyýewiç Hudaýberdiýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.O.ÇARYÝEW hakynda
Mahmut Orazgeldiýewiç Çaryýewi Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
G.K.ATAÝEWA hakynda
Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň bilim ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.K.GERMANOW hakynda
Atageldi Kakadurdyýewiç Germanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
S.B.ÇOPANOW hakynda
Serdar Begençmuhamedowiç Çopanowy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
GYLYJOW N.K. hakynda
Gylyjow Nurahmet Kömekowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.M.ÖWEZOW hakynda
Aşyrmyrat Musakowiç Öwezowy Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
KÜRENOW K.D. hakynda
Kürenow Küren Durdymämmedowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.M.MERGENOW hakynda
Meýlis Mergenowiç Mergenowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
ANNAMURADOW D.M. hakynda
Annamuradow Dowletgeldi Meretgeldiýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
W.Ý.SAPARMYRADOW hakynda
Welmyrat Ýagşymyradowiç Saparmyradowy Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ş.E.ANNAÝEW hakynda
Şyhmyrat Esenowiç Annaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ý.E.GOWŞUDOW hakynda
Ýagşygeldi Esenowiç Gowşudowy Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
ERKAÝEW M.Ö. hakynda
Erkaýew Murat Öwlýakulowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
E.Ý.AÇYLOW hakynda
Erkin Ýaňybaýewiç Açylowy Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
ROZYÝEW A.J. hakynda
Rozyýew Atajan Joraýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.K.SEÝIDOW hakynda
Astanogly Kullyýewiç Seýidowy Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudagyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigini, «Türkmenpagta» döwlet konsernini hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigini döretmeli.
2. «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigini, «Türkmenpagta» döwlet konsernini hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigini degişli pudaklar boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
3. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi, degişlilikde, öz Düzgünnamalarynyň, merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny, merkezi edaralarynyň işgär sany baradaky hem-de şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek hakyndaky teklipleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
N.G.NAZARMYRADOW hakynda
Nazarmyrat Geldimyradowiç Nazarmyradowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň oba hojalyk ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.G.ÖWEZLIÝEW hakynda
Mülkaman Gulnepesowiç Öwezliýewi “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
B.G.ATAÝEW hakynda
Begmyrat Gurbangeldiýewiç Ataýewi Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
G.B.ATAÝEW hakynda
Goçmyrat Baýramgeldiýewiç Ataýewi Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda
Dörtguly Gurbangulyýewiç Süleýmanowy “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
N.A.BERDINIÝAZOW hakynda
Nurmuhammet Arslanowiç Berdiniýazowy “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.