
Ýaşlaryň jemgyýetde tutýan möhüm ornunyň şöhlelenmesi
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin döredip beren giň mümkinçilikleri, uly goldawlary netijesinde olar döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda – syýasatda, ykdysadyýetde, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda janypkeş zähmet çekip, döwletimiziň günsaýyn beýik ösüşlere ýetmegine, täze üstünlikleriň gazanylmagyna mynasyp goşant goşýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän il bähbitli, döwlet ähmiýetli işler Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň mundan beýläk-de eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilmek bilen, ol ertirki eşretli durmuşyň binýadydyr. Şunda ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolmagynda galýar.
Döwlet Baştutanymyz ýaşlar barada aýratyn alada etmek bilen, çagalar baglarynda, orta mekdeplerde, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň iň ösen innowasion tehnologiýalaryna esaslanýan şertleri döredip berýär. Bu bolsa olara öz saýlan ugurlary boýunça okamaga, öwrenmäge, döretmäge we dürli pudaklarda zähmet çekip, sylag-hormata mynasyp bolmaga giň ýol açýar. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan, belent maksatlaryň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşamak, halal zähmetiň bilen ýurduň ösüşine goşant goşmak bagtdyr.
“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň esasynda ýaş raýatlaryň talabalaýyk bilim almagy, zähmet çekmegi, döredijilik işleri bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän ýaşlar syýasaty durmuşa geçirilýär. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek, durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş-ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek babatda kanunçylyk-hukuk binýady bolup hyzmat edýär. Kanunyň rejelenen görnüşi taýýarlanylanda, ýurdumyzyň ýaş wekilleriniň pikirleriniň, teklipleriniň göz öňünde tutulandygyny aýratyn nygtamak zerur.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň” tassyklanylmagy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlykda türkmen ýaşlarynyň ornuny has-da berkitdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, sport, medeniýet, senagat, oba hojalygy we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanan üstünliklerini görkezýän ýaşlaryň maslahaty we sergisi döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň şahsy ösüşi, öz ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary, özlerini kemala getirmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigini, ýaş nesliň terbiýesine aýratyn üns bermek bilen, olary täze başlangyçlara, döredijilikli işlere ruhlandyrylýandygyny görkezdi.
Geljege gönükdirilen uly maksatlar öz miwelerini hem berýär. Olary amala aşyrmak hem hakyky hünär eýelerine, öz işiniň ussatlaryna bagly bolýar. Şoňa görä-de, döwrebap hünärmenleriň ýetişdirilmegi tutuş ýurduň geljekki ösüşine dahyllylykda örän möhüm ähmiýete eýedigi öz-özünden düşnüklidir. Bu günki üstünlikler ertirlere ynam-umyt, ylham-ganat berýär. Ýetilen sepgitler bolsa ýagty geljek üçin täze gözýetimleri açýar.
Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň olaryň sagdyn ösüp-örňemekleri, kämil ylym-bilim almagy, iş bilen üpjünçiligi, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanmagy, özbaşyna öý-ojak gurup, maşgala abadançylygyna eýe bolmagy babatdaky giň gerimli tagallalary şatlanýan watandaşlarymyz, hususan-da ýaşlarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyňdaýanjy” atly ilkinji kitabynyň çapdan çykanyna has-da buýsanýalar. Hormatly Prezidentimiziň geljegimiziň gurujylary bolan ýaşlarymyzy beýik işlere ruhlandyrýan bu ajaýyp kitaby ýaşlarymyzyň,şeýle hem ähli watandaşlarymyzyň ýan kitabyna öwrüler.
Hormatly Prezidentimiziň bu kitabyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberýändigini bellemegi bolsa, terbiýeli ýaşlarymyzyň öz beýiklerine bolan sarpany hemişe ilkinji orunda goýýandyklarynyň ajaýyp nyşany boldy. Her bir ýere atylan tohum toprakdan, howadan zerur zatlary özüne siňdirip, gämik ýarýar, boý alýar, ösmek-örňemek bilen bolýar. Edil şolar ýaly kalbyň töründäki duýgulary, pähim-parasatlary taraşlap, süňňüne siňdirýän keremli sözler hem täze arzuwlara ganat berýär. Wagtyň geçmegi bilen, ol arzuwlar döwletli başlangyçlara öwrülip, halklaryň ykbalyna täsir edýän güýje-kuwwata, durmuş hakykatyna öwrülýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby hem ýaşlaryň ýoluna nur-bereket bolup, täze arzuwlara-başlangyçlara badalga berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ösüşiň ozalky tapgyrlarynda başy başlanan asylly işleriň mynasyp dowam etdirilýän hem-de köpugurly täze belentlikleri nazarlanýan, giň mümkinçilikleriň açylýan döwri bolup taryhymyza girer. Bu günki ýaşlaryň jemgyýetde eýeleýän orny, olara berilýän döwlet derejesinde goldaw hem muny aýdyňlygy bilen tassyklap, taryhy ähmiýete eýe bolar.
Goý, ýurdumyzda halkymyzyň abadan durmuşy, ýaş nesilleriň bagtly geljegi ugrunda uly tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Öwliýagulyýew Rejep
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Bedenterbiýe kafedrasynyň Mugallym-öwrenijisi.