
Türkmenistan ─ Indoneziýa: söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugrunda
2024-nji 5-nji fewralynda Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iki dostlukly ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Şeýle hem bu maslahata «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Indoneziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar.
Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde tagallalary birleşdirmeklige meýillerini beýan etdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hem-de iki ýurduň telekeçileriniň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy.