
Sişenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagatyň önümleri satyldy
Sişenbe güni, 6-njy fewralda birža söwdalarynda daşarky bazarda Özbegistan Respublikasynyň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 30 S" kysymly polipropileni, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri Türkmenistanyň Dokma Senagaty Ministrliginden dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 116 865,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.
"Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy"