TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Duşenbe güni birža söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagatyň önümleri satyldy

Duşenbe güni, 5-nji fewralda birža söwdalarynda daşarky bazarda Gazagystan Respublikasynyň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 30 S" kysymly polipropileni, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri Türkmenistanyň Dokma Senagaty Ministrliginden aşgarlanmadyk nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda türkmen işewürleri Dokma Senagaty Ministrliginden nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 320 736,80 manada we 1 771 200,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.

"Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy"