TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Sişenbe güni, birža söwdalarynda "TPP D 382 BF" we "TPP D 30 S" kysymly polipropilen, şeýle hem Türkmen el halysy ýokary islege eýe boldy.

Sişenbe güni, 30-njy ýanwarda, birža söwdalarynda daşarky bazara Gazagystanyň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 382 BF" kysymly polipropilen satyn almak barada geleşikler baglaşdylar, içerki bazarda türkmen işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 30 S" kysymly polipropilen we Türkmen el halysyny satyn almak barada geleşikler baglaşyldy. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 206 136,52 manada we 840 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.

"Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy"