TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Syrly setirleriň manysy

Magtymguly Pyragynyň «Jahan peýda» goşgusynda şeýle setir bar:
«Bijanlar jana girip, ederler dahan peýda».
Bu setiriň manysy nämekä? Munda gürrüň goşgynyň birinji setirinde aýdylyşy ýaly, nowruz hakdamyka ýa başga zatlar barada? Belli bir netijä gelmek kyn. Sebäbi goşgynyň başynda nowruz agzalsa-da, soňabaka gürrüň duýdansyz halda yslam dininiň iň esasy garaýşyna — türkmen dilinde üç «hakdyr» bilen aňladylýan düşünjä (dogulmak hak, ölmek hak, ölümden soň täzeden direlmek hak) geçip gidýär. Ol göz ýetirmäniň esasy sowaly bolan «näme üçini?» kabul edenok. Aýdylýanlar gypynçsyz ynanmagy talap edýär.
Biz şu ýerde özümiz üçin düşnüksiz gatnaşyga nokat goýup, «Halk aýtsa, galp aýtmaz» diýen gepe eýerip, köpçüligiň tarapynda durýandygymyzy aýdyp, esasy gürrüňimizi dowam edeliň. Şunda gürrüň daglar, daşlar hakda bolar. Şeýtmäge şahyrymyzyň «Bijanlar jana girip...» diýip ýazmazynyň öň ýanynda «...dag kylyr duman peýda» diýmegi sebäp boldy.
Adaty daşlaryň adam tarapyndan hiç hili gatnaşyk bolmadyk halda ulalýandygy, bir duran ýerinden başga ýere süýşýändigi, suwa gark edeňde gark bolman, «ýüzüp», kenara çykyp bilýändigi, hatda köpelýändigi barada ýazylanlar haýran galdyrýar. Internet arkaly daşyň köpelişi bilen tanşanyňda, alymlar ilki onuň «çişýändigini», ýagny gabarasynyň ulalýandygyny, soňra bir parçasynyň «ene» daşdan bölünip aýrylyp, özbaşdak ýaşap başlaýandygyny aýdýarlar. Ýazylanlara birbada ynanmajak bolýaň.
Rumyniýada «Trowant» (ýerli halkyň dilinde — «Janly daş») diýlip atlandyrylýan daşlar bar. Togalak ýa-da togalaga ýakyn görnüşdäki daşlaryň her hili «başarjaňlyklary» hakynda çyna berimsiz gürrüňler, rowaýatlar bar. Olaryň birinde bu daşlaryň «dem alýandygy» aýdylýar. Bu şeýle bolýar diýýärler: daşyň gabarasy gijesine ulalyp, gündizine edil adam ýaly öňki kaddyna gelýär. Daşyň dem alşyny ylym gijesine howanyň çyglylygynyň artýandygy, şol sebäpli onuň düzümi minerallardan ybarat çygly howadan «dem alanda» möçberiniň ulalýandygy, gündizine «içine soran» demini goýberende, ýene öňki kaddyna gelýändigi bilen düşündirýär. Trowantlar dünýäniň köp ýerinde gabat gelýär. Türkmenistanda Köpetdagda duşýan togalak daşlar hem şolardandyr öýdýärsiň. Sebäbi trowantlaryň daş keşbi, düzümi, ownukly-irili bolmagy bizdäki togalak daşlary ýatladýar. Onsoň bizdäki daşlarda-da şeýle «häsiýetler» bar bolaýmasyn diýýärsiň. Trowantlar görner-görünmez bela-beterden goraýar diýlip ynanylýar. Şol sebäplem käbir halkda ony howlusyna getirip goýmak endigi-de bar. Biziň türkmenlerimizde şeýle edilýändigine seýrek-de bolsa duş gelinýär. Ýöne togalak daşlar bilen bagly yrymlara özümiz-ä ýerlerde duşmadyk. Şeýle daşlary melleginde ýa howlusynda goýan adamlardan sorasak, ony täsin görüp saklaýandygyny aýtdylar. Diýmek, bizde şeýle yrym ýok diýip bolar. Ýöne beýle diýsek, türkmende daş bilen bagly yrymlar asla ýokdur öýtmäň. Bar şeýle yrymlar. Olaryň birine oglan wagtymyz garry enemiziň ýanynda durup, özümizem göz ýetiripdik.
Magtymguly işanyň «Jahan peýda» goşgusyndaky ýokarky setirlere dolanyp, ýene-de şulary aýdasymyz geldi. Dogrusy, şu gürrüňimiz şahyryň «bijanlar jana girer» diýenine gabat gelýärmi ýa ýok, ony okyjylaryň özi kesgitlesin. Biz welin kellämizde köwsarlap durany üçin ony köpüň dykgatyna ýetirmek isledik.
Birwagtlar redaksiýa meniň ýanyma garry pensioner, asyl käri geolog Soltanmyrat Amanow diýen bir ýaşuly gelerdi. Geologiýa ugrundan alym bolansoň, gyzykly makalalar getirerdi. Onuň bilen çaý başynda söhbet etmek gyzyklydy. Şeýle söbetdeşlikleriň birinde ýadygärliklerimizi gorap saklamagyň wajypdygy hakda gürrüň edilipdi. Men şonda Mary welaýatyndaky Gyzlar galasynyň gapyrga şekilli diwarynyň ýyl geçdigiçe ýukalýandygyny aýdypdym. Talyp wagtymyz türkmen radiosynyň welaýat habarçysy Hommat Galandarowyň tagallasy bilen, Soltan Sanjaryň kümmetine hem-de onuň golaýyndaky taryhy ýadygärliklere ogly Welmuhammet, ýene-de birki oglan bolup zyýarat edipdik. Hasaplap görseň, bir kem kyrk ýyl mundan öňki şol zyýaratymyzda Gyzlar galasynyň uzakdan hem mese-mälim görnüp duran diwarlarynyň gapyrga şekiliniň gowy ýukalandygyny görüpdik. Orta asyrlarda türkmeniň ussat binagärdigini dünýä ýaýan bu subutnama ýene birnäçe wagtdan doly ýitip gitjek. Bir alajy tapylmasa, tebigatyň özi gaýradan ösýän ýeli bilen diwaryň ýüzündäki bu şekili ýok etjek. Sebäbi ýeliň göterýän çäge bölejikleri häzirki döwürde ussalaryň ulanýan naždak kagyzy dek diwary dyngysyz «ýalap» geçýär. Şol ýerde ýadygärligi synlap, ýolbelediň gala baradaky rowaýatyny diňläp bolýançaň, ýüz-gözüňi ýa teniň açyk ýerleriňi ýel «iýip» gutarjak. Onsoň çaltrak bu ýerden gidesiň gelip, ulagyňa tarap ýörärsiň. Gyzlar galasy welin «adaglanan ýaly», şol duran ýerinde durmaly. Tebigatyň sowuk diýmän, yssy diýmän, şo-ol «igeläp, ýonup ýörşüne» çydamaly bolýar.
Soltanmyrat aganyň Gyzlar galasy barada aýdanlary ýadymda galmandyr. Ýöne onuň Ýer togalagynyň her ýüz ýylda iki santimetr galňaýandygy hakdaky gürrüňleri welin ýadymda berk saklanypdyr. «Nähili beýle bolýar?» diýen sowalyma Soltanmyrat aga Ýeriň özünden önýän hem-de asmandan gaçýan tozanyň topragyň üstki gatlagyna dowamly «ýagyp» durmagy zerarly bolýandygyny aýdypdy. Şeýle bolsa, «Toprakdan alyndyň adamzat, topraga-da gowşarsyň» diýilýäni diňe adamlar däl-de, eýsem, topragyň üstünde gurlan binalar, mysal üçin, köne galalar, kümmetler we ş.m. babatda-da ulanarlyk-da! Oýlanmaga zat kän-ow dünýäde!..
Magtymguly Pyragynyň bu setiri, umuman, «Jahan peýda» goşgusy hakda ýene nämeleri aýdyp bolar? Kän zatlary aýdyp bolsa gerek! Aýtmaga juda zat tapmasaňyz, biz size bu goşgyny gaýtadan okamagy, onuň ahyrky setirine aýratyn üns bermegi maslahat berýäris.

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.