
Türkmenistanyň Ermenistanda söwda öýüniň açylmagyna ermeni tarapy gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini hem-de haryt dolanyşygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ermeni telekeçisi Türkmenistanyň Ermenistanda söwda öýüniň açylmagyna ermeni tarapynyň isleginiň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ilçi Muhammetgeldi Aýazow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň Ministrler Kabinetiniň soňky mejlisinde daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň Söwda öýleriniň işini has hem gowulandyrmak barada tabşyryklary berendigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda ermeni bazarynda “Made in Turkmenistan” ýazgysy bolan türkmen senagat önümlerine gyzyklanmanyň ýokarlanýandygy bellenildi we iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň sanawyny baýlaşdyrmaga taraplaryň taýýardygy beýan edildi.
Кaren Iwanow, şeýle hem, Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň 2024-nji ýylyň maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýändigi barada habar berdi. Ilçi M.Aýazow bu sapar boýunça türkmen tarapynyň degişli ýardamlary berjekdigini ynandyrdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar şeýle hem ulag-logistika infrastrukturasynyň meselelerini we täze logistika ugurlaryny ýola goýmak meselelelerini ara alyp maslahatlaşdylar.